Wiza ýüz tutmak

Okuwçy (F-1/M-1) wizalary

ABŞ-nyň Ilçihanasyna ýa-da Konsullygyna F ýa M görnüşli wiza ýüz tutmazdan ozal saýlan okuw jaýyňyz ABŞ-nyň SEVP okuw jaýlary hasaba alyş ulgamyna degişlidigini barlap görmegi maslahat berýäris. SEVP ulgamyna degişli okuw jaýlaryň sanawyny gözden geçirmek üçin ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk gullugynyň (DHS) internet sahypasyna geçiň.

ABŞ-nyň okuw jaýyna kabul edileniňizden soň, Sizi SEVIS ulgamynda hasaba goýarlar. Soň Siz SEVIS I-901 hasaba alyş tölegini tölemeli. Giren okuw jaýyňyz Size I-20 resminamasyny (Certificate of Eligibility for Nonimmigrant (F-1/M-1) Student Status-For Academic and Language Students) ibermeli we şonuň esasynda wiza ýüz tutup şol resminamany wiza söhbetdeşligine getirip konsula bermeli. Siziň okaýan wagtyňyz ýan ýoldaşyňyz hem/ýa çagaňyz Siz bilen ABŞ-na gitmäge niýetlenýän bolsa, hersine aýratyn I-20 resminama talap ediler, ýöne maşgalaňyz şol resminama üçin alynýan SEVIS I-901 I-20 tölegini tölemeli däl. SEVIS I-901 tölegi barada giňişleýin maglumat ücin SEVP sahypasyna geçiň.

Alyş-çalyş maksatnamalara gatnaşyjylar üçin J-1 wiza

J1 görnüşli wiza üçin ýüz tutmazdan ozal alyş-çalyş maksatnamasyna howandarlyk edýän guramanyň üsti bilen şol maksatnama ýüz tutmaly. J-1 wiza maksatnamasynyň düzgünleri we talaplary barada goşmaça maglumat üçin “Alyş-çalyş maksatnamasy J-1 wiza” sahypasyna geçiň.

Maksatnama kabul edileniňizden soň SEVIS ulgamynda hasaba durup hasaba alyş tölegini geçirmeli. Maksatnama gatnaşyjylara DS-2019 resminama iberilýär. Ýan ýoldaşyňyz hem/ýa çagaňyz Siz bilen ABŞ-na gidýän bolsa, hersine aýratyn resminama iberilmeli. SEVP ulgamy barada we tölegi barada goşmaça maglumaty SEVP sahypasynda tapyp bilersiňiz.

 J-1 wizanyň amaly işi ýerine ýetirýän/stažer görnüşi üçin DS-2019 resminamadan daşary DS-7002 (DS2019 resminamanyň 7-nji soragynda bellenilşi ýaly) resminamasy hem zerur. J-1 wizanyň praktikant görnüşi barada goşmaça maglumat.

Siziň pasportyňyz ABŞ-na saparyňyzdan soň hem azyndan 6 aýlyk möhleti bolmaly; eger-de raýatlygyny alan ýurdyňyz ABŞ bilen aýratyn şertnama baglaşan ýurtlaryň biri bolsa goşmaça resminama bu şert Size degişli däldir. Siziň pasportyňyzda Sizden başga da adam görkezilen bolsa, onda her adama aýratyn wiza soragnamasyny doldurmalydyr.

  • DS-160 soragnamany doldurmaly. Üns beriň, soragnamadaky ähli soraglara jogap bermeli. Berilen sorag size degişli bolmasa, maňa degişli däl, ýagny “none” diýip görkezmeli. Soraglara nädogry jogap berilse ýa-da doly jogap berilmese, soragnamaňyz yzyna berler hem söhbetdeşlige täzeden ýazylmaly bolar.

Möhüm bellik: köp halatlarda nädogry doldurylan DS-160 soragnamalar söhbetdeşlik wagtyny soňa goýulmagyň sebäbi bolýar.

Okuwçy üçin F-1/M-1 görnüsli we alyş-çalyş maksatnama gatnaşyjylar üçin J-1 görnüşli wizalara ýüz tutmak üçin aşakda görkezilen resminamalar talap ediler:

  • Wiza söhbetdeşligi üçin möhleti tamamlanmadyk passport;
  • DS-160 soragnamanyň tassyknama sahypasy;
  • Ölçegi 5X5sm bolan soňky 6 aýyň içinde alynan, ýerligi ak ýa-da açyk renkli surat;
  • 2-nji ädimde sanalan resminamalar;
  • Okuwçy (F-1/M-1) wiza ýüz tutýanlar ýany bilen öz I-20 resminamasyny;
  • Alyş-çalyş maksatnama gatnaşyjy üçin (J-1) wiza ýüz tutýanlar ýany bilen öz DS-2019 resminamasyny, J-1 wizanyň amaly işi ýerine ýetirýän/stažer görnüşi üçin DS-2019 resminamadan daşary DS-7002 resminamasy hem gerek;

Okuwçy wiza ýüz tutýanlardan soralyp bilinjek goşmaça resminamalar

Okuwçy wiza ýüz tutýanlardan soralyp bilinjek goşmaça resminamalar siziň okuwa taýyarlyk ýagdaýyňyzyň wiza berilmäge gabat gelýändigini kesgitlemek üçin aşakda görkezilen sanawdan ybarat bolup biler:

  • Orta bilim baradaky şahadatnama, okan okuw jaýynyň beren diplomy, bilim we ylmy derejesi barada şahadatnama;
  • ABŞ-nyň okuw jaýynyň talap edýän testiň netijeleri;
  • Saparyňyz tamamlanandan soň gaýdyp geljegiňizi subutnama edip biljek resminamalar;
  • Okuw we okuw döwri ABŞ-da ýaşamak, baryp-gaýtmak bilen baglanşykly ähli çykdaýjylary tölemäge mümkinçiligiňiz bardygyny subut edýän maddy ýagdaýyňyz barada resminalalar.

Alyş-çalyş maksatnama gatnaşyjy wiza ýüz tutýanlardan soralyp bilinjek goşmaça resminamalar

Alyş-çalyş maksatnama gatnaşyjy wiza ýüz tutýanlardan soralyp bilinjek goşmaça resminamalar siziň wiza bermeklik talaplaryna gabat gelýändigiňizi kesgitlemek üçin aşakda görkezilen sanawdan ybarat bolup biler:

  • ABŞ-na saparyňyzyň maksady;
  • Saparyňyz tamamlanandan soň gaýdyp geljegiňizi subutnama edip biljek resminamalar;
  • Saparyňyzyň çykdaýjylaryny tölemäge mümkinçiligiňiz bardygyny subut edýän maddy ýagdaýyňyz barada resminamalar.

Söhbetdeşlik wagty Ilçihananyň elektron ulgamy arkaly bellenilýär. Söhbetdeşlik wagtyny belläniňizde size DS-160 soragnamanyň tassyknama belgisi gerek bolar. Şol belgi DS-160 soragnamasynyň tassyknama sahypasynda goýy gara şrift bilen ýazylan.

Täze okuwçy wizasyna ýüz tutýanlar: F-1 we M-1 görnüşli okuwçy wizalary okuw başlamazdan 120 gün öň alyp bolýar, emma ABŞ-nyň çägine okuwyňyz başlamazdan diňe 30 gün öň baryp bolýar.

Okuwyny dowam edýänler: eger-de Siz öz okuwçy wizaňyzy dogry ulanyp, elektron SEVIS ulgamyndaky hasaba alyş maglumatlaryňyz täzelenen bolsa, wizaňyzy islendik wagt täzeläp bilersiňiz.

Alyş-çalyş maksatnamalara gatnaşyjylar:  ABŞ-nyň çägine maksatnamanyň başlamazdan diňe 30 gün öň baryp bilerler.

 

Söhbetdeşlik gününde DS-160 soragnamanyň tassyknama sahypasyny, 2-nji ädimde sanalan resminamalary, sonky 6 aýyň içinde alynan 5X5 sm ölçegli suraty, möhleti gutarmadyk pasportyňyzy getirmeli.

Söhbetdeşlik gününde yzyna gaýtarylyp berilmeýän wiza tölegini tölemeli: F-1/M-1 (okuwçy), J-1 (alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşyjy) görnüşli wizalar üçin 160 ABŞ-nyň dollaryny tölemeli.

BELLIK: ABŞ-nyň Hökumetiniň maliýeleşdirýän alyş-çalyş maksatnamalara gatnaşýanlar we olaryň maşgala agzalary J-1 görnüşli wiza üçin töleg tölemeli däl. Şeýle maksatnamalar ABŞ-nyň Döwlet Departamenty, USAID ýa-da ABŞ-nyň Hökumeti tarapyndan gurnalan bolsa, DS-2019 resminamasynda bellenen maksatnama belgisi G-1, G-2, G-3 ýa-da G-7 bolmaly.  ABŞ-nyň Hökumeti tarapyndan maliýeleşdirilýän alyş-çalyş maksatnamalara gatnaşýanlar başga goşmaça töleglerinden hem boşadylýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Konsul siz wiza almaga edilýän talaplara gabat gelýändigiňizi ýa da gelmeýändigiňizi, hem de saparyňyzyň maksady esasynda beriljek wizanyň görnüşini kesgitlär. Siz söhbetdeşlik wagty öz ýagdaýyňyzyň ABŞ-nyň kanuny boýunça wiza almaga degişlidigini subut etmeli.

Wiza ýüz tutanyňyzda syýasyz, elektron emeli bilen barmak yzlary alynýar.

Wiza berilen wagty, uzak möhletli wiza isleseňiz onuň goşmaça tölegi bar. Eger-de siz B-2 (syýahatçylyk) görnüşli wiza alan bolsaňyz, size 3 aý köp gezeklik wiza goşmaça tölegsiz berler. Möhleti 3 aýdan köp bolan wiza isleseňiz aşakda görkezilen goşmaça tölegi tölemeli:

  • Köp gezeklik 3 aýlyk wiza – goşmaça tölegsiz
  • Köp gezeklik 6 aýlyk wiza – goşmaça 115 ABŞ-nyň dollary
  • Köp gezeklik bir ýyllyk wiza – goşmaça 355 ABŞ-nyň dollary

Wiza berilen bolsa pasportyňyzy 2 günden sagat 14:00-de alyp bilersiňiz.