Wagtlaýyn iş we biznes wizasyna ýüz tutmagyň tertibi

  1. Wagtlaýyn iş we biznes wizasyna ýüz tutmagyň tertibi
  2. Wiza soragnamaňyzyň ýagdaýyny barlamak
  3. Söhbetdeşlikden soň

Iş kepilnamasy (işe girmek rugsatnamasy) –Wagtlaýyn iş wizasynyň birnäçe görnüşi üçin ABŞ-daky iş berýän adam/edara ilki bilen Siziň adyňyzdan ABŞ-nyň Zähmet ministrliginden işe girmek rugsatnamasyny almaly. Bu rugsatnama ABŞ-nyň Immigrasiýa we raýatlyk gullugyna “Immigrasiýa degişli bolmadyk işgär” üçin I-129 resminamasyny tabşyrmazdan ozal alynmalydyr. Size şol rugsatnama zerur bolandygyny ýa bolmandygyny kesgitlemek üçin ABŞ-daky iş berýän adam/edara ABŞ-nyň Immigrasiýa we raýatlyk gullugynyň internet sahypasyna geçip I-129 resminamasy baradaky görkezmeler bilen doly tanyşmaly.

I-129 resminamasynyň makullanmagy – Wagtlaýyn iş wizasynyň birnäçe görnüşi üçin her ýyl makullanan I-129 resminamasynyň sany çäklidir. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasyna wagtlaýyn iş wizasyna ýüz tutmazdan ozal ABŞ-daky iş berýän adam/edara I-129 resminamasyny ABŞ-nyň Immigrasiýa we raýatlyk gullugyna tabşyryp ony tassyklatmaly. Bu barada giňişleýin maglumat ABŞ-nyň Immigrasiýa we raýatlyk gullugynyň internet sahypasynda “ABŞ-da iş mümkinçiligi” we “Immigrasiýa degişli bolmadyk wagtlaýyn işgärler” bölüminde ýerleşdirilendir. I-129 resminamasy tassyklanandan soň, ABŞ-nyň Immigrasiýa we raýatlyk gullugy Siziň ABŞ-daky iş berýän adamyňyza/edaraňyza tassyknama, ýagny I-797 resminamasyny ugradar.

Siziň pasportyňyzyň ABŞ-na saparyňyzdan soň hem azyndan 6 aýlyk möhleti bolmaly; eger-de raýatlygyny alan ýurdyňyz ABŞ bilen aýratyn şertnama baglaşan ýurtlaryň biri bolsa bu şert Size degişli däldir. Siziň pasportyňyzda Sizden başga da adam görkezilen bolsa, onda her adama aýratyn wiza soragnamasyny doldurmalydyr.

DS-160 soragnamany doldurmaly. Üns beriň, soragnamadaky ähli soraglara jogap bermeli. Berilen sorag size degişli bolmasa, maňa degişli däl, ýagny “none” diýip görkezmeli. Soraglara nädogry jogap berilse ýa-da doly jogap berilmese, soragnamaňyz yzyna berler hem söhbetdeşlige täzeden ýazylmaly bolar.

Möhüm bellik: köp halatlarda nädogry doldurylan DS-160 soragnamalar söhbetdeşlik wagtyny soňa goýulmagyň sebäbi bolýar.

Wiza söhbetdeşligi üçin pasport, DS-160 soragnamanyň tassyknama sahypasy we ölçegi 5X5sm bolup soňky 6 aýyň içinde alynan, ýerligi ak ýa-da açyk renkli surat, 2-nji ädimde sanalan resminamalar, hem de I-129 resminamasynda ýa ABŞ-nyň Immigrasiýa we raýatlyk gullugynyň beren I-797 resminamasynda görkezilen giriş belgisi (Receipt Number) gerek.

L görnüşli wiza yüz tutýanlar – Umumy pesisiýa boýunça L wizasyna ýüz tutýanlar söhbetdeşlige I-129S resminamasyny getirmeli.

H-1B we L görnüşli wizadan başga görnüşli wiza ýüz tutýanlar öziniň öz ýurdyna bolan güýçli baglanşygynyň bardygyny we ABŞ-na wagtlaýyn sapary tamamlanandan soň gaýdyp geljegini subut etmeli. Şu aşakdakylar şol subutnama hökmünde tabşyrylyp bilner:

Meselem:

  • Ýaşamak üçin Size degişli bolan jaýyňyzyň bardygy barada resminama;
  • Maşgala gatnaşyklaryňyz;
  • Siziň maddy ýagdaýyňyz;
  • Siziň uzak-möhletleýin meýilleriňiz.

Söhbetdeşligiň wagty içihananyň elektron ulgamy arkaly bellenilýär. Söhbetdeşligiň wagtyny belläniňizde Size DS-160 soragnamasynyň tassyknama belgisi gerek bolar. Şol belgi DS-160 soragnamasynyň tassyknama sahypasynda goýy gara şrift bilen ýazylan.

Söhbetdeşlik gününde DS-160 soragnamanyň tassyknama sahypasyny, 2-nji ädimde sanalan resminamalary, soňky 6 aýyň içinde alynan 5X5 sm ölçegli suraty, möhleti gutarmadyk pasportyňyzy getirmeli.

Söhbetdeşlik gününde yzyna gaýtarylyp berilmeýän wiza tölegini tölemeli. B-1 (Iş sapary), B-2 (syýahatçylyk hem şahsy sapar) görnüşli wizalar üçin 160 ABŞ-nyň dollaryny tölemeli. Iş görnüşli wizalar üçin (H, L, O, P, Q, hem R) 190 ABŞ-nyň dollaryny tölemeli, E görnüşli wiza üçin 205 ABŞ-nyň dollaryny tölemeli.

Beýleki tölegler:

  • L görnüşli wizalarda (diňe wiza esasy ýüz tutýana degişli) galpçylygy anyklamak we öňüni almak bilen baglanyşykly töleg – 500 ABŞ dollar
  • 2016-njy ýylda kabul edilen Býujet boýunça göýberilýän pul serişdeleri baradaky Kanuna laýyklykda, H-1B we L-1 görnüşli wiza ýüz tutýanlar üçin käbir tölegleriň möçberi ýokarlandyrylandyr. Bu tölegler “Blanket Petition” boýunça L-1 görnüşli wiza ýüz tutýanlara (diňe wiza esasy ýüz tutýana) degişli. Pesisiýany tabşyran iş berijiniň ABŞ-daky işinde H-1B ýa-da L-1 wiza bilen işläp ýöreniň sany 50% göterimden geçip işgär sany 50 ýa has köp bolsa – 4 500 ABŞ-nyň dollaryny tölemeli.

Söhbetdeşligiň dowamynda Konsul Siz wiza almaga edilýän talaplara gabat geýändigiňizi ýa-da gelmeýändigiňizi, hem de saparyňyzyň maksady esasynda beriljek wizanyň görnüşini kesgitlär. Siz söhbetdeşlik wagty öz ýagdaýyňyzyň ABŞ-nyň kanuny boýunça wiza almaga degişlidigini subut etmeli.

Wiza ýüz tutanyňyzda syýasyz, elektron emeli bilen barmak yzlary alynýar.

Wiza berilen wagty, uzak möhletli wiza isleseňiz onuň goşmaça tölegi bar. Eger-de siz B-2 (syýahatçylyk) görnüşli wiza alan bolsaňyz, size 3 aý köp gezeklik wiza goşmaça tölegsiz berler. Möhleti 3 aýdan köp bolan wiza isleseňiz aşakda görkezilen goşmaça tölegi tölemeli:

  • Köp gezeklik 3 aýlyk wiza – goşmaça tölegsiz
  • Köp gezeklik 6 aýlyk wiza – goşmaça 115 ABŞ-nyň dollary
  • Köp gezeklik bir ýyllyk wiza – goşmaça 355 ABŞ-nyň dollary

Wiza berilen bolsa pasportyňyzy 2 günden sagat 14:00-de alyp bilersiňiz.