Syýahatçylyk we ABŞ-na sapar

ABŞ-nyň Immigrasiýa we raýatlyk kanuny boýunça, ABŞ-da wagtlaýyn işlemäge we bolmaga isleg bildirýän daşary ýurt raýatlary uçin immigrasiýa degişli bolmadyk wizalaryň birnäçe görnüşleri bar.

Her wiza görnüşi barada giňişleýin maglumat üçin travel.state.gov internet sahypasyna geçiň ýa-da aşakdaky “Syýahatçylyk we şahsy sapar üçin wiza görnüşi” ýazgysyna basyň. Wiza ýüz tutmak üçin yzygider ädimler barada maglumat ýokarda görkezilen.

Syýahatçylyk we şahsy sapar üçin wiza görnüşi

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-na gitmäge isleg bildirýän daşary ýurt raýatlary wagtlaýynç bolmak üçin immigrasiýa rugsat bermeýän wizasyny, ýa-da hemişelik ýaşamak üçin immigrasiýa wizasyny almaly. Şahsy sapar maksady bilen alynýän wizalaryň iş sapary görnüşi (B1), we syýahatçylyk hem şahsy sapar görnüşi (B2), ýa-da iki maksady utgaşdyrýan wiza görnüşi hem bar (B1/B2).

Aşakda görkezilen sanawda wagtlaýyn şahsy sapara gidilýän wiza esasynda amala aşyryp bolýan maksatlar görkezilýär:

  • syýahatçylyk;
  • dynç alyş;
  • garyndaşlara hem dost-ýarlara myhmançylyk;
  • lukmançylyk kömegini almak;
  • jemgiýetçilik we başga guramalaryň gurnaýan çärelerine gatnaşmak;
  • gatnaşyjy tölegsiz sport ýa-da aýdym-saz höwesjeňleriň bäsleşigine gatnaşmak;
  • eger de bu kurslarda diplom, ylym derejesi berilmeýän bolsa, gysga wagtlaýyn okuw kurslaryna gatnaşmak (meselem,dynç alyşda iki günlik aşpezlik kursyna gatnaşmak).
ABŞ bilen wizasyz baryp-gelmek barada şertnama baglaşan ýurtlar

ABŞ-na wizasyz baryp-gelmek maksatnamasyndan peýdalanmak üçin Siz şu aşakdaky şertlere gabat gelmeli:

  • Meýilleşdirýän saparyňyzyň möhleti 90 günden az bolmaly;
  • 2009-njy ýylyň 12 ýanwaryndan başlap ESTA (Electronic Travel Authorization) ulgamyndan tassyknama almaly. Şol ulgam ýüz tutýan adamyň ABŞ-na wizasyz baryp-gelmek maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-na wizasyz baryp-gelip bilýändigini anyklap tassyknama berýär. Bellik: ESTA ulgamy şol bir wagtyň özünde köp sanly soragnamalary toparlaýyn doldurmaga rugsat berýär;
  • Niýetlenen saparyňyzyň maksady iş sapary ýa-da syýahatçylyk bolmaly;
  • Pasportyňyzyň görnüşi awtomatik enjamda okalýan bolmaly we ABŞ-dan gaýtmaly senesinden soň hem pasportyňyzyň azyndan 6 aýlyk möhleti bolmaly;
  • Gaýdyş ýol petegi ýa-da ABŞ-dan başga barjak ýeriňiziň ýol petegi bolmaly.

Siz ABŞ bilen wizasyz baryp-gelmek barada şertnama baglaşan ýurtlaryň raýaty bolsaňyz hem, aşakdaky şertler size degişli bolsa, ABŞ-nyň wizasyny almaly:

  • ABŞ-da 90 günden uzak bolmagy göz öňüne tutýaňyz;
  • Jenaýat jogapkärçiligine çekilen bolsaňyz, bellemeli zat: ABŞ-nyň Gümruk hem Serhet kanunçylygyna laýyklykda, ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda sürilendigi üçin berilen jeza diňe bir gezek berlen bolsa, onda wiza almaga rugsat berilýär, emma bir gezekden köp bolsa, ýa-da kanunyň birnäçe maddalary boýunça jeza berlen bolsa, onda şol adam ABŞ-nyň çägine göýberilmeýär; hem de şol adam geljekde wiza almak üçin öz ýagdaýyny düşindirip, kadadan çykma hökmünde seredilmek haýyşnamasyny tabşyrmalydyr;
  • ABŞ-nyň çägine hususy howa ýa-da deňiz ulag serişdesi bilen, ýa-da çarter gatnawy bilen gelmekçi bolsaňyz;
  • ABŞ-nyň çäginde okamak ýa-da işlemek niýetiňiz bolsa (bellemeli zat: işlemek diýlende daşary ýurt habarçylyk işi hem göz oňünde tutulýar; okamak diýlende orta mekdepde, ýa-da başga okuw jaýynda okamak göz öňünde tutulýar; işlemek diýlende işiň ähli tölegli we tölegsiz görnüşleri göz öňünde tutulýar, şol sanda öý kömekçisi, tejribe geçýän talyplar, işleýän habarçylar, iş saparyndaky hökümet işgärleri). Bu barada giňişleýin maglumaty travel.state.gov websahypasynda alyp bilersiňiz;
  • Eger ABŞ-nyň çäginden deportasiýa edilen bolsaňyz, ýa-da serhede baryp yzyna iberlen bolsaňyz, ýa bolmasa öňki gelen saparyňyzda wiza kanunyny ýa-da wizasyz baryp-gelmek düzgünini bozan bolsaňyz, wizanyň möhletinden ýekeje gün hem artyk ABŞ-da bolup düzgüni bozan bolsaňyz wizasyz girmek gadagan edilýär.
Jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlar üçin maglumat
  • Käbir jenaýat jogapkärçiliginiň görnüşleri, adamy ABŞ-na wiza almak hukugyndan mahrum edip biler. Jenaýat jogapkärçiliginiň wiza almakdan mahrum edýändigini ýa da etmeýändigini bilmegiň eke-täk ýoly – wiza ýüz tutmakdyr. Çekilen jenaýat jogapkärçiliginiň wiza bermäge ýetiren täsirini diňe Konsul kesgitläp biler. Wiza söhbetdeşligine geleňizde jenaýat jogapkärçiligine degişli kararyň nusgasyny getiriň.
  • Siziň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegiňiz wiza almak hukugyndan mahrum edýän hem bolsa, siz öz ýagdaýyňyzy düşindirip, kadadan çykma hökmünde seredilmek haýyşnamasyny tabşyryp bilersiňiz, bu barada wiza söhbetdeşliginiň dowamynda Konsul bilen maslahatlaşyň. Şol resminama 6-8 aý seredilýändigi sebäpli, bu resminamany tabşyrmak zerurlygy bar bolsa, wiza oňüräk ýüz tutuň. Wiza almazdan öň sapara degişli çykdaýjy (ýol petek we ş.m.) etmegiňizi maslahat bermeýäris.
  • Awtoulagy serhoş ýagdaýda sürenligi üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilenleriň dykgatyna: ABŞ-nyň Gümrük hem serhet kanunçylygyna laýyklykda, ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda sürendigi üçin jeza diňe bir gezek berilen bolsa, onda wiza almaga rugsat berilýär, emma bir gezekden köp bolsa, ýa-da kanunyň birnäçe maddalary boýunça jeza berilen bolsa, onda şol adam ABŞ-nyň çägine göýberilmeýär; hem de şol adam geljekde wiza almak üçin öz ýagdaýyny düşindirip, kadadan çykma hökmünde seredilmek haýyşnamasyny tabşyrmaly.
  • Eger Siz  ýol hereketiniň düzgünlerini ýeňil derejede bozup, şonyň esasynda tussag edilmedik, ýa-da jogapkärçilige çekilmedik bolsaňyz, hem-de beýleki ähli talaplara gabat gelýän bolsaňyz, onda ABŞ-na wizasyz baryp-gelmek maksatnama degişli bolup bilersiňiz. Eger-de ýol-ulag hadysasy ABŞ-da bolan bolsa we düzgün bozmanyň esasynda tölenilmedik jerimeler bar bolsa, ýa- da kazyýetiň mejlis çagyrmagyna barmadyk bolsaňyz, onda ABŞ-nyň çägine baran wagtyňyz tussag edilmegiňiz mümkin; şol sebäpli şular ýaly meseleleri ABŞ-na gidilmäkä çozmegi maslahat berýäris. ABŞ-nyň kazyýetleriniň salgysyny bilmeseňiz, gerek maglumaty ABŞ-nyň kazyýetleriniň internet sahypasyndatapyp bilersiňiz.