Söhbetdeşlikden soň

ABŞ-nyň wiza kanuny boýunça, wiza alan daşary ýurtly raýat ABŞ-nyň serhedine baryp (köplenç howa menzilinde) ýurda girmäge rugsat soraýar. Wiza ABŞ-na baryp ýurda girmäge rugsat beriljekdigine güwä geçenok. ABŞ-nyň çägine salmagy we salmazlygy serhete barylanda ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugy (DHS) ýa-da ABŞ-nyň Serhet we gümrük gullugy kesgitleýär. Ýurda girmäge rugsat berlen wagty pasportyňyza möhür goýular, ýa-da I-94 (Giriş we çykyş hasaba alnyş) resminamasy berler. ABŞ-nyň çägine baraňyzda rugsat edilýän we gadagan edilýän önümler we harytlar, ýurda girmek rugsady üçin bildirilýän talaplar barada goşmaça maglumaty ABŞ-nyň Serhet we gümrük gullugynyň internet sahypasynda okap bilersiňiz.

ABŞ-na saparyňyzyň möhletini uzaltmak

ABŞ-na saparyňyzyň möhletini I-94 resminamada görkezilen wagtyndan uzaltmak üçin ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugyna ýüz tutmaly. Degişli maglumaty şol gullugyň internet sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

ABŞ-nyň kanuny boýunça, pasportdaky giriş möhürinde we I-94 resminamasynda görkezilen möhletinden öň ABŞ-dan çykmaly, ýa-da saparyňyzyň möhleti uzaldylandygy barada ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanan rugsat bolmaly. Ýurtda rugsat berlen möhletden uzak bolsaňyz, Siz geljekde wiza ýüz tutmak hukugyndan mahrum edilip bilersiňiz. Goşmaça maglumat üçin “Wiza berilmezlik kanunlary” sahypasyna geçiň.

ABŞ-da bolmaklygyň maksadyny üýtgetmek

ABŞ-da bolan wagtyňyz, şol ýerde bolmaklyk maksadyňyz üýtgän bolsa, bolmak maksadyňyzy başga bir immigrasiýa degişli bolmadyk wiza görnüşine öwürmegi resminama arkaly sorap ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugyna ýüzlenip bilersiňiz. Bu barada goşmaça maglumaty şol gullugyň internet sahypasynda tapyp bilersiňiz.

ABŞ-da bolmaklyk maksadyňyzy üýtgetmek üçin resminama tabşyryp jogaba garaşanyňyzda Siziň wizaňyzyň möhleti gutarmadyk bolmaly, jogap gelýänçä taze wiza almaly däl.  Emma ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugy Siziň haýyşnamaňyza jogap berýänçä ABŞ-nyň wizasynyň möhleti tamamlanýan bolsa, Siz hökman degisli ABŞ-nyň Ilçihanasyna ýa-da Konsullygyna baryp wiza ýüz tutmalysyňyz.

Goşmaça maglumat

ABŞ-na sapara baranlara ABŞ-da işlemäge rugsat berilmeýär.

Biz Size wiza beriljekdigini güwä geçip bilmeýäris, şonuň üçin wiza almazdan öň sapara degişli çykdaýjy (ýol petek we ş.m.) etmegiňizi maslahat bermeýäris.

Eger wiza ýatyrylmadyk bolsa, şol wiza tä öz möhletini tamamlaýan wagtyna çenli güýjini saklaýar. Meselem, wiza duran pasportyň möhleti gutaryp onda goýlan wizanyň möhleti gutarmadyk bolsa, şol wiza öz güýjini saklaýar; we şu ýagdaýda Siz täze pasport alyp, möhleti gutarmadyk wiza goýlan köne pasportyňyz bilen ABŞ-na baryp bilersiňiz.