Wiza soragnamaňyzy tabşyrmaklygyň tertibi

  1. Wiza soragnamaňyzy tabşyrmaklygyň tertibi
  2. Wiza soragnamaňyzyň ýagdaýyny barlamak
  3. Söhbetdeşlikden soň

Siziň pasportyňyzyň ABŞ-na saparyňyzdan soň hem azyndan 6 aýlyk möhleti bolmaly; eger-de raýatlygyny alan ýurdyňyz ABŞ bilen aýratyn şertnama baglaşan ýurtlaryň biri bolsa (goşmaça resminama) bu şert Size degişli däldir. Siziň pasportyňyzda Sizden başga da adam görkezilen bolsa, onda her adama aýratyn wiza soragnamasyny doldurmalydyr.

  • DS-160 soragnamany doldurmaly. Üns beriň, soragnamadaky ähli soraglara jogap bermeli. Berilen sorag size degişli bolmasa, maňa degişli däl, ýagny “none” diýip görkezmeli. Soraglara nädogry jogap berilse ýa-da doly jogap berilmese, soragnamaňyz yzyna berler hem söhbetdeşlige täzeden ýazylmaly bolar.

Möhüm bellik: köp halatlarda nädogry doldurylan DS-160 soragnamalar söhbetdeşlik wagtyny soňa goýulmagyň sebäbi bolýar.

Wiza söhbetdeşligi üçin pasport, DS-160 soragnamanyň tassyknama sahypasy we ölçegi 5X5sm bolup soňky 6 aýyň içinde alynan, ýerligi ak ýa-da açyk renkli surat hem de 2-nji ädimde sanalan resminamalar gerek. Soralyp bilinjek goşmaça resminamalar siziň umumy ýagdaýyňyzyň wiza berilmäge gabat gelýändigini kesgitlemek üçin aşakda görkezilen sanawdan ybarat bolup biler:

  • ABŞ-na saparyňyzyň maksady;
  • Saparyňyz tamamlanandan soň gaýdyp geljegiňizi subutnama edip biljek resminamalar;
  • Saparyňyzyň çykdaýjylaryny tölemäge mümkinçiligiňiz bardygyny subut edýän maddy ýagdaýyňyz barada resminalalar;

Bellik: wiza ýüz tutýan adam ABŞ-daky dost-ýarlary ýa-da garyndaşlarynyň güwä geçmegi däl-de öziniň öz ýurdyna bolan güýçli baglanşygynyň bardygyny subut etmeli. Çakylyk hat ýa-da maddy üpçünçilik kepilnamasy wiza ýüz tutmak üçin talap edilenok. Isleseňiz çakylyk hatyny, ýa-da maddy üpçünçilik kepilnamasyny wiza söhbetdeşligine getirip bilersiňiz, ýöne ol resminamalar Konsuluň çykarjak netijesine uly täsiri ýok.

Söhbetdeşlik wagty içihananyň elektron ulgamy arkaly bellenilýär. Söhbetdeşlik wagtyny belläniňizde size DS-160 soragnamanyň tassyknama belgisi gerek bolar. Şol belgi DS-160 soragnamasynyň tassyknama sahypasynda goýy gara şrift bilen ýazylan.

Wiza ýüz tutýanlardan aşakdakylary haýyş edýäris:

  • ABŞ-na gitmek saparyňyzy boldugyça öňüräkden meýilleşdiriň.
  • Wiza soragnamasyny dogry hem doly dolduryň.
  • ABŞ-na saparyňyzyň maksatlary we meýilleriňiz barada dogryçyl boluň.

Söhbetdeşlik wagty ABŞ-na gitmek niýetiňiz barada doly hem anyk maglumat beriň.

Söhbetdeşlik gününde DS-160 soragnamanyň tassyknama sahypasyny, 2-nji ädimde sanalan resminamalary, soňky 6 aýyň içinde alynan 5X5 sm ölçegli suraty, möhleti gutarmadyk pasportyňyzy getirmeli.

Söhbetdeşlik gününde yzyna gaýtarylyp berilmeýän wiza tölegini tölemeli. B-1 (Iş sapary), B-2 (syýahatçylyk hem şahsy sapar) görnüşli wizalar üçin 160 ABŞ-nyň dollaryny tölemeli. Iş görnüşli wizalar üçin (H, L, O, P, Q, hem R) 190 ABŞ-nyň dollaryny tölemeli, E görnüşli wiza üçin 205 ABŞ-nyň dollaryny tölemeli. Ähli tölegler nagt görnüşde we ABŞ-nyň dollarynda tölenmelidir.

Söhbetdeşligiň dowamynda Konsul Siz wiza almaga edilýän talaplara gabat geýändigiňizi ýa-da gelmeýändigiňizi, hem de saparyňyzyň maksady esasynda beriljek wizanyň görnüşini kesgitlär. Siz söhbetdeşlik wagty öz ýagdaýyňyzyň ABŞ-nyň kanuny boýunça wiza almaga degişlidigini subut etmeli.

Wiza ýüz tutanyňyzda syýasyz, elektron emeli bilen barmak yzlary alynýar.

Wiza berlen wagty, uzak möhletli wiza isleseňiz onuň goşmaça tölegi bar. Eger-de siz B-2 (syýahatçylyk) görnüşli wiza alan bolsaňyz, size 3 aý köp gezeklik wiza goşmaça tölegsiz berler. Möhleti 3 aýdan köp bolan wiza isleseňiz aşakda görkezilen goşmaça tölegi tölemeli:

  • Köp gezeklik 3 aýlyk wiza – goşmaça tölegsiz
  • Köp gezeklik 6 aýlyk wiza – goşmaça 115 ABŞ-nyň dollary
  • Köp gezeklik bir ýyllyk wiza – goşmaça 355 ABŞ-nyň dollary

Wiza berlen bolsa pasportyňyzy 2 günden sagat 14:00-de alyp bilersiňiz.