1. Syýahatçylyk ýa-da iş wizalary bilen ABŞ-nda näçe möhlet boýunça bolmak mümkindir?
Immigrasion däl wiza ABŞ-nyň giriş portuna (howa menzili, deňiz porty) çenli syýahat etmäge ygtyýar berýär. Giriş portunda siziň çykyşyňyz barada karar kabul edýän ABŞ-nyň gümrük we serhet gözegçiligi býurosynyň işgäri siziň Birleşen Ştatlarynyň çäginde bolmagyňyzyň möhletini kesgitleýär. Porta wizanyň soňky hereket ediş senesine çenli (şol sanda soňky gün) barmak mümkindir. Wizanyň hereket ediş möhleti ABŞ-nda kanuny esasda bolmagyň wagtyna täsir etmeýär – bu ýerde wizanyň hereket ediş möhletiniň wizanyň eýesiniň ABŞ-nyň çäginde bolmagynyň möhletini aňlatmaýandygyna düşünmek wajypdyr. ABŞ-nda bolmagyň möhleti diňe ýurda girilen wagty gümrük we serhet gözegçiligi gullugynyň işgäri tarapyndan kesgitlenilýär. Siziň ABŞ-nyň çäginde bolmagyňyzyň möhleti siziň wiza üçin ýüz tutan wagtyňyz görkezen möhletleriňizden ep-esli artykmaç bolsa, munuň özi siziň gelejekde ABŞ-nyň wizasyny aljak wagtyňyz erbet täsir edip biler.
2. Meniň myhman wizamyň (B-1/B-2) möhleti meniň ABŞ-na güman edilýän giriş günümden soňra tamamlanýar. Maňa gitmezden ozal täze wiza almak gereklimi?
ABŞ-na girmek wizanyň soňky hereket ediş senesine çenli mümkindir. ABŞ-na giren wagtyňyz ABŞ-nyň gümrük we serhet gözegçiligi býurosynyň işgäri siziň Birleşen Ştatlarynyň çäginde bolmagyňyzyň möhletini kesgitleýär. Wizanyň möhleti siz ABŞ-nda ýaşap ýören wagtyňyz tamamlanyp biler. Bu ýerde diňe siziň ýaşaýan möhletiňiziň girişdäki wezipeli kişiniň goýan möhletinden geçmezligine seretmegiňiz wajypdyr.
3. Meniň wizamyň hereket ediş möhleti 6 aýyň dowamynda gutarýar. Maňa şol möhletiň tamamlanmagyna garaşmak gerekmi ýa-da men täze wiza üçin öňünden arza berip bilerinmi?
Wizanyň möhletiniň tamamlanmagyna garaşmak zerur däldir. Täze wiza üçin ýüz tutmak, eýýäm bir wiza hereket edýän hem bolsa, mümkindir.
4. Meniň wizam haçan-da men başga bir guramada işleýän wagtym berildi. Häzirki wagtda men iş ýerimi üýtgetdim we meniň täze başlygym meni indiki aýyň içinde ABŞ-nda geçiriljek konferensiýa ugratmak isleýär. Men özümde bar bolan wizany ulanyp bilerinmi?
Eger wiza iş ýa-da syýahatçylyk gezelenji üçin niýetlenen bolsa, onda siz ABŞ-na wizaňyzyň möhletiniň tamamlanmagyna çenli islendik wagt girip bilersiňiz.
5. Meniň çagam ABŞ-nyň wizasy üçin ilkinji gezek ýüz tutýar. Men onu söhbetdeşliginde ýanyna goşulyp bilerinmi?
Hawa. Ene-atalaryň kiçi ýaşly çagalaryň ýany bilen goşulmaklaryna rugsat berilýär. 16 ýaşa çenli ýüz tutujylar söhbetdeşlige ýany bilen ene-atasyndan birini ýa-da resmi wekilini çagyrmalydyrlar. Ähli ýany bilen girjek uly adamlar hem söhbetdeşlik üçin ýazylmalydyr. Bu ýagdaý, ýany bilen girýän uly adamlaryň özi wiza üçin ýüz tutmaýan bolsa hem talap edilýär. Ähli ýany bilen girýän uly adamlar bilelikde girjek kiçi ýaşly çagalar bilen şol bir güne we sagada ýazylmalydyr. Munuň üçin ulularyň consularashgab@state.gov salgysy boýunça elektron poçta arkaly Konsullyk Bölümine kiçi ýaşlylar bilen bilelikde ýazylmagy haýyş edip hat ýazmaklary zerurdyr.
6. Meniň çagam ABŞ-nda okaýar. Men onuň bilen bilelikde ýaşap bilerinmi?
Siz ABŞ-na B-1/B-2 görnüşli wiza boýunça gidip öz çagaňyza görme-görşe baryp bilersiňiz. Siz öz çagaňyz bilen ABŞ-nda özüňiz immigrasion, iş ýa-da okuw wizasyny alýançaňyz ýaşap bilmersiňiz.
7. Men ABŞ-nda syýahatçylyk wizasy bilen ýaşap ýören wagtym okap bilerinmi?
Düzgün boýunça, ABŞ-nda okamak üçin okuw wizasy zerurdyr. Ýöne okuw programmasynda diplom berilmek göz öňünde tutulmadyk bolsa hem-de onuň tamamlanmagy üçin hepdelik 18 okuw sagadyna çenli talap edilýän bolsa onda siz ABŞ-nda syýahatçylyk wizasy (B2) bilen bolup ýören wagtyňyz okap bilersiňiz. Şu ýagdaýda okuw jaýyndan B2 görnüşli wiza boýunça bolup ýören wagtyňyz maksat edilýän programma boýunça siziň okamagyňyza mümkinçilik berilýändigini tassyklaýan haty talap ediň.
8. Men garyndaşlarymy ABŞ-nda meniň ýanyma görme görşe çagyrmak isleýärin. Men olara çakylyk ugratmalymy ýa-da başga talaplar hem barmy?
Çakylyk adaty iş/syýahatçylyk (B1/B2) wizalary üçin ýüz tutulan wagty talap edilýän resminama däldir, şonuň üçin Konsullyk Bölümi şeýle hat üçin belli talaplar kesgitlemeýär. Bölüm şeýle-de şeýle hatlary wiza üçin ýüz tutujynyň hereketleri üçin çagyrýan tarapyň öz üstüne jogapkärçilik almagy hökmünde garamaýar.