Alyş-çalyş maksatnamalarynyň gatnaşyjylary üçin wizalar

Wizanyň berilen senesine seretmezden, DS-2019 görnüşinde görkezilen seneden aňrybaş 30 gün öňki senä çenli ABŞ-na girmek bolmaýar

Talyplaryň we çalşyk ulgamynyň gatnaşyjylarynyň maglumat ulgamy (SEVIS) — bu bir programma bolup, muňa laýyklykda okuw jaýlary we çalşyk programmalarynyň ýolbaşçylary öz daşary ýurtly talyplarynyň we gatnaşyjylarynyň ýazgy ediş wagtyndaky we okuw prosesiniň dowamyndaky ýagdaýlaryny bildirmelidirler. Okuw wizasy üçin ýüz tutujylar wizanyň berilmegine çenli SEVIS ýygymyny tölemelidirler. SEVIS ýygymynyň tölenendiginiň tassyklamasy hökmünde ýüz tutujylar I-901 görnüşli kwitansiýany üpjün etmelidirler. Goşmaça maglumat üçin SEVIS internet sahypasyna serediň.

Iki ýyl kadasy — ABŞ-nyň immigrasion hukugynda örän giňden ulanylýan bir termindir. Ol, çalşyk programmasyna gatnaşyjylaryň programmanyň tamamlanmagyndan soňra öz ýurtlaryna gaýdyp barmalydyklaryny we käbir wiza toparlaryna, hususan-da H-1, L-1, K-1 wizalaryna we şeýle-de immigrasion wizalara ýüz tutumak üçin azyndan iki ýyl ýaşamalydyklaryny aňladýar. Bu ýerde J-1 wizasynyň çykarylmagy üçin doldurylýan DS-2019 görnüşinde iki ýyl kadasynyň ýerine ýetirilmek mümkinçiligi barada deslapky bir duýduryşyň bardygyny bellemek wajypdyr. Ahyrky karar diňe H-1, L-1, K-1 ýa-da immigrasion wizalarynyň berilmegi üçin arza bilen ýüz tutulan halatynda kabul edilýär.

Iki ýyl kadasy ýerine ýetirilýän J-1 görnüşli wizanyň eýeleri, öz ýurtlaryna gaýdyp barmazdan ýa-da şu kadanyň ýerine ýetirilmezligi barada rugsat almazdan, ABŞ-nda galyp öz statuslarynyň özleri üçin ýol berilmeýän immigrasion däl statusa (mysal üçin, J-1 görnüşli wizany H-1 görnüşli wiza bilen çalyşmak) üçin düzediş (üýtgediş) maksatly arza berip bilmezler hem-de ýaşamak üçin görnüşiň (green card) berilmegi üçin arza berip bilmezler. Siziň üçin iki ýyl kadasynyň hereket edip etmeýändigi birnäçe sany faktora, şol sanda maliýeleşdirme çeşmelerine we siziň ýurduňyzyň “talap edilýän aýratynlyklarynyň sanawyna” bagly bolup durýar. Kadanyň ýerine ýetirilmegine Birleşen ştatlarda ýaşalan möhlet täsir etmeýär.

Hawa, kadadan çykmalar mümkindir. Iki ýyl kadasyndan çykmalary diňe Döwlet departamentiniň wiza bölümi kesgitleýär. Siziň pasportuňyzdaky belliklere garamazdan, diňe wiza bölümi kadanyň ýerine ýetirilmegi barada karar kabul etmäge ygtyýarlydyr. Iki ýyl kadasy siziň üçin hereket edýän bolsa käbir ýagdaýlarda kadadan çykmak üçin rugsat almak mümkindir. Hatda siziň üçin iki ýyl kadasy hereket edýän hem bolsa, siz ýokarda görkezilen kategoriýalardan başga görnüşli syýahatçylyk we beýleki görnüşli wizalary alyp bilersiňiz.