1. I-20 formasy nämedir we ony nädip alyp bolýar?
I-20 formasy — sertifisirlenen okuw jaýlaryna ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan tassyklanyp berilýän bir resminamadyr. Bu görnüş F-1 we M-1 toparly immigrasion däl wizalary almaklary üçin potensial talyplara zerurdyr. I-20 formasy — bu okuw jaýyna kabul edilendigiň subutnamasydyr. Onda SEVIS I-901 ýygymynyň tölegi barada, wiza statusyndaky üýtgeşmeler barada we ABŞ-na giriş barada ähli zerur maglumatlar bardyr. Görnüş I-20 öz içinde talybyň SEVIS ulgamyndaky şahsyýetnama belgisini saklaýar. Ol görnüşiň ýokarda sag burçunda çyzykly şertli belginiň aşagynda ýerleşýär, N harpy bilen başlaýar we ondan soňra dokuz san görnüşinde dowam edýär.
2. Okuw wizasy üçin haçan arza ýazmaly?
Immigrasion däl okuw wizasy üçin arzanyň I-20 formasynyň alynmagynyň edil yz ýany berilmegi maslahat berilýär. Wiza üçin öňünden ýüz tutmak söhbetdeşlik üçin öz wagtynda ýazylmak mümkinçiligini berýär. Şeýle-de bolsa wiza I-20 görnüşinde görkezilen okuwyň başlangyç senesinden 120 öňki güne çenli berilip bilinmeýär.
Konsullyk bölümi gyssagly lukmançylyk kömegi bilen baglanyşykly, beýleki gaýragoýulmasyz sapar sebäpleri bilen baglanyşykly talaplara, şol sanda (F-1, J-1, М-1) görnüşli okuw wizalarynyň ýüz tutujylarynyň arzalary bilen baglanyşykly ýa-da (H1, L, P) görnüşli wagtlaýyn iş wizalary üçin arzalar bilen baglanyşykly gyssagly gürrüňdeşlige ýazylmak talabyna seredýär. Gyssagly ýazylmagy talap etmek üçin (DS-160) elektron görnüşli anketany doldurmaly, online ýazgy boluş ulgamy arkaly ýazgy senesini saýlamaly, Konsullyk bölümi bilen elektron poçta arkaly consularashgab@state.gov salgysy boýunça aragatnaşyga geçmeli we şahsy we pasport maglumatlaryňyzy, bar bolan ýazgynyň senesini/wagtyny we elektron görnüşli anketanyň çyzykly şertli belgisini, şeýle-de talabyňyzyň sebäbiniň gysgaça düşündirişini hödürlemelisiňiz. Elektron poçta arkaly ähli talaplar iki iş gününiň dowamynda işlenilýär.
3. Men wiza aldym. Maňa haçan ABŞ-na gitmek bolýar?
Wizanyň çykarylan senesine seretmezden, I-20 görnüşinde görkezilen seneden aňrybaş 30 gün öňki senä çenli ABŞ-na girmek bolmaýar.
4. Men wiza üçin ýüz tutmagymdan soňra ýene bir okuw jaýyndan I-20 görnüşini aldym. Men bu görnüşi ulanyp bilerinmi?
Söhbetdeşlik üçin ýazylmakdan soňra ýene bir okuw jaýyndan bir I-20 görnüşi alnan bolsa, bu barada söhbetdeşlik wagtynda konsullyk işgärine bildirmek gerekdir. Siziň wizaňyzdaky annotasiýada bellenen okuw jaýyndan başga bir okuw jaýyndan bir I-20 görnüşini almagyňyz halatynda siziň täze wiza üçin ýüz tutmagyňyz gerekdir. Siziň okuw jaýyňyzyň I-20 görnüşindäki ady we siziň wizaňyzdaky ady gabat gelmelidir. Olaryň gabat gelmezligi halatynda, şeýle-de siziň migrasiýa gullugynyň işgärine annotasiýada bellenen okuw jaýyndan başga okuw jaýynda okamak isleýändigiňizi bildirmegiňiz halatynda ol siziň ABŞ-na girmegiňizi ret edip biler.
5. Men H-1B wizasy boýunça işledim we uniwersitete F-1 wizasynyň eýesi hökmünde ýazgy edildim. Meniň okuw wizasyny almak üçin öz ýurduma gaýdyp gelmegim zerurmy?
Ýok. Eger siz Birleşen Ştatlarda bolsaňyz, size täze wiza üçin ýüz tutmak zerur däldir, çünki wiza diňe ABŞ-na girmek üçin niýetlenendir. Öz statusyňyzyň üýtgedilmeginiň zerurlygy barada raýatlyk we immigrasiýa gullugyndan maglumat soraň. Emma siz ABŞ-nyň çäginden çyksaňyz onda size gaýtadan girmek üçin okuw wizasy üçin arza bermegiňiz zerur bolar.
6. ABŞ-nda F-1 okuw wizasy bilen bolup ýören bir talyp işläp bilermi?
Gündizki okuw görnüşinde okaýan talyplar hepdede 20 sagatdan köp bolmadyk wagt üçin okuw jaýynyň çäginde işläp bilerler. Talyp statusynda ýaşamagyň bir ýyl möhletiniň dolmagyndan soňra raýatlyk we immigrasiýa gullugynyň rugsady bilen okuw jaýynyň çäginde ýerleşmeýän ýerlerde hem işläp bilersiňiz. Goşmaça maglumat üçin okuw jaýyňyzdaky geňeşçä ýüz tutuň.
7. SEVIS ulgamy nämedir, ol maňa nähili görnüşde täsir ýetirýär?
Talyplaryň we çalşyk ulgamynyň gatnaşyjylarynyň maglumat ulgamy (SEVIS) — bu bir programma bolup, muňa laýyklykda okuw jaýlary we çalşyk programmalarynyň ýolbaşçylary öz daşary ýurtly talyplarynyň we gatnaşyjylarynyň ýazgy ediş wagtyndaky we okuw prosesiniň dowamyndaky ýagdaýlaryny bildirmelidirler. Okuw wizasy üçin ýüz tutujylar wizanyň berilmegine çenli SEVIS ýygymyny tölemelidirler. SEVIS ýygymynyň tölenendiginiň tassyklamasy hökmünde ýüz tutujylar I-901 görnüşli kwitansiýany üpjün etmelidirler. Goşmaça maglumat üçin SEVIS internet sahypasyna serediň.
8. Men ABŞ-nda syýahatçylyk wizasy bilen ýaşap ýören wagtym okap bilerinmi?
Düzgün boýunça, ABŞ-nda okamak üçin okuw wizasy zerurdyr. Ýöne okuw programmasynda diplom berilmek göz öňünde tutulmadyk bolsa hem-de onuň tamamlanmagy üçin hepdelik 18 okuw sagadyna çenli talap edilýän bolsa onda siz ABŞ-nda syýahatçylyk wizasy (B2) bilen bolup ýören wagtyňyz okap bilersiňiz. Şu ýagdaýda okuw jaýyndan B2 görnüşli wiza boýunça bolup ýören wagtyňyz maksat edilýän programma boýunça siziň okamagyňyza mümkinçilik berilýändigini tassyklaýan haty talap ediň.
9. Meniň çagam ABŞ-nda okaýar. Men onuň bilen bilelikde ýaşap bilerinmi?
Siz ABŞ-na B-1/B-2 görnüşli wiza boýunça (ýa-da wizasyz giriş programmasyna düşen bolsaňyz wizasyz görnüşde) gidip öz çagaňyza görme-görşe baryp bilersiňiz, emma öz çagaňyz bilen ABŞ-nda, özüňiz immigrasion, iş ýa-da okuw wizasyny alýançaňyz ýaşap bilmersiňiz.