Wizalar barada umumy maglumat

Wizanyň makullanmagy ýagdaýynda, Türkmenistanyň raýaty 160 ABŞ-nyň Dollary möçberindäki konsulyk ýygymyny tölemek bilen 3 aýlygyna köp gezeklik wiza alýar. Goşmaça töleg tölemek bilen Türkmenistanyň raýaty aňrybaş 1 ýyllyk köp gezeklik wiza alyp bilýär.

Siziň ABŞ-nyň çäginde kanuny ýagdaýda bolup biljek möhletiňiz siziň wizaňyzyň möhleti bilen kesgitlenilmeýär. Bu ýerde bir ýyllyk wizanyň size wizaňyzyň möhletiniň tutuş dowamynda ABŞ-nyň çäginde bolup biljekdigiňizi aňlatmaýar. Siz ABŞ-nyň çäginde kanuny ýagdaýda pasportuňyza gümrük we serhet gullugynyň ofiseri tarapyndan basylan möhürdäki senä çenli bolup bilersiňiz. Şeýle-de bolsa eger siz ABŞ-nyň çäginde anketaňyzda görkezen möhletiňizden has köp wagt bolsaňyz, bu ýagdaý indiki gezek wiza üçin ýüz tutan wagtyňyz siziň garşyňyza bolup biler. ABŞ-na giriş nokadyna gelen wagtyňyz siziň ABŞ-nyň çägine girişiňizi ýazgy edýän gümrük we serhet gullugynyň ofiseri siziň ABŞ-nda bolmaly möhletiňizi kesgitlär. Siz wizaňyzy wiza möhletiniň gutarýan senesine çenli, soňky günine çenli ulanyp bilersiňiz.

ABŞ-nyň wizasy üçin ýüz tutulan wagty siziň daşary ýurtlara çykmak üçin pasportyňyzyň soňky senesi siziň ABŞ-nda boljak möhletiňiziň dowamlylygyndan azyndan alty aý köp bolmalydyr (döwletara ylalaşyklar bilen başga möhletler bellenilmedik halatlarynda)

Haýsydyr bir ýurtda kanuny ýagdaýda bolup ýören islendik kişi, şol ýurtdan ABŞ-nyň wizasy üçin arza bermäge hukuklydyr. Şeýle-de bolsa biz arza berijilere wiza üçin arzany hemişe ýaşaýan ýurtlaryndan ýa-da raýaty bolup durýan ýurtlaryndan bermeklerini maslahat berýäris, çünki bu ýurtda bolmak bilen olar şol ýurt bilen gatnaşyklaryny iň bir aňsat görnüşde görkezerler.

Söhbetdeşlik ähli ýüz tutujylar üçin hökmanydyr. Bu kadadan diňe käbir ýagdaýlarda çykylýar. A1, A2 wizalary (ABŞ-na hökümet edaralarynyň işleri boýunça barýan resmi adamlar) üçin ýüz tutýan; C2, C3 wizalary (ABŞ-na hökümet edaralarynyň işleri boýunça barýan wezipeli adamlarynyň tranzit wizalary) üçin ýüz tutýan; G1, G2, G3, G4 wizalary (ABŞ-na halkara guramalaryň çärelerine hökmany gatnaşyk üçin barýan wezipeli adamlarynyň, şeýle-de halkara guramalaryň işgärleriniň wizalary) üçin ýüz tutýan adamlardan adatça söhbetdeşlik talap edilmeýär.

Biziň sahypamyzdan siziň ýüz tutýan wiza görnüşiňiz üçin talap edilýän resminamalar bilen tanyşyp bilersiňiz. Ýüz tutujylaryň aglabasy üçin şu resminamalary hödürlemek zerurdyr: söhbetdeşligiň kesgitlemesi baradaky hatyň ýazgysy, DS-160 görnüşiniň doldurylan sahypasy-tassyklamasy, bir sany fotosurat (5×5, aňrybaş 6 aýa çenli wagt öň alnan bolmaly), pasport. Siz şeýle-de siziň Türkmenistan bilen berk baglaryňyzyň islendik subutnamasyny hödürläp bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, söhbetdeşlikde hödürlenilýän resminamalaryň sanynyň köplügi däl-de, siziň ABŞ-na meýilleşdirýän saparyňyz barada we siziň hemişelik ýaşaýan ýurduňyz bilen baglaryňyz barada anyk we dogruçyl düşündirişleriňiziň has-da möhümdigini bellemek gerek.

Howpsuzlyk kadalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle-de içerki çäkli meýdan sebäpli ABŞ-nyň konsullyk bölümi ýüz tutujy bilen onuň dostlary, garyndaşlary, aklawjylary ýa-da söwda hyzmatdaşlary ýaly dahylly kişileriň söhbetdeşlik mahalynda bile bolmagyna rugsat bermeýär. Dahylly kişi ýüz tutujy bilen baglanyşykly haýsydyr bir maglumaty konsullyk bölümine ýetirmek isleýän bolsa ol muny ýüz tutujynyň gönümel eline ähli resminamalary bermek arkaly ýerine ýetirip biler. Ýüz tutujy bolsa soňra bu resminamalary söhbetdeşlige getirip biler.

16 ýaşyna ýetmedik ýüz tutujylaryň ýanynda ene-atasyndan birisi ýa-da resmi wekili bolmalydyr. Ähli ýany bilen girjek uly adamlar hem söhbetdeşlik üçin ýazylmalydyr. Bu ýagdaý, ýany bilen girýän uly adamlaryň özi wiza üçin ýüz tutmaýan bolsa hem talap edilýär. Ähli ýany bilen girýän uly adamlar bilelikde girjek kiçi ýaşly çagalar bilen şol bir güne we sagada ýazylmalydyr. Munuň üçin ulularyň consularashgab@state.gov salgysy boýunça elektron poçta arkaly Konsullyk Bölümine kiçi ýaşlylar bilen bilelikde ýazylmagy haýyş edip hat ýazmaklary zerurdyr.

Şeýle-de ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Konsullyk bölümine ýüz tutujylaryň ýany bilen terjimeçileriň hem girmegine rugsat berilmeýär. Konsullyk bölüminiň işgärleri ýüz tutujy bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin Iňlis, Rus we Türkmen dillerinde gepleşýärler.

Immigrasion däl wiza üçin her arza aýratynlykda ele alynýar. Sizde hereket edýän wiza bardygyna ýa-da sizde öň ABŞ-nyň wizalary bolandygyna garamazdan siz DS-160 arzasyny täzeden bermeli, konsullyk ýygymyny täzeden tölemeli we tertibine laýyklykda täze fotosuratyňyzy tabşyrmaly.

Hawa, şeýdip bilersiňiz. Köp sanly immigrasion petisiýalarynyň makullanmagy birnäçe ýyla çekip bilýär. Immigrasion petisiýany makullanmagyna garaşmaly möhletiň dowamynda siz ABŞ-na gysga möhletli saparlar üçin immigrasion däl wiza üçin ýüz tutup bilersiňiz. Emma welin siziň gelejekdäki immigrasiýa bilen baglanyşykly meýilnamalaryňyza garamazdan gysga möhletli saparlaryňyzyň dowamynda hemişelik göçmegi meýilleşdirmeýändigiňizi subut etmegiňiz zerur boljakdygyny bellemek gerek.

Ýüz tutujylaryň köplenç halatlarda uçar peteklerini, ýaşaýyş we iýmit harajatlaryny tölemegi teklip edýän hemaýatkärleriniň bolmagyna garamazdan wizalaryň alynmagyna jogap berýän ahyrynda hemaýatkär däl-de ýüz tutujydyr. Siz bilen söhbetdeşlik geçýän Konsul, karar almagynyň dowamynda siziň hemaýatkäriňiziň saparyňyzyň harajatlaryny tölemäge taýýarlygyny dykgat bilen öwrenendir. Hemaýatkäriň ýüz tutujynyň yzyna gaýtmagynyň kepilçisi hökmünde isleg bildirip bilmegine garamazdan, hemaýatkäriň ýüz tutujyny ýaşaýan ýurduna gaýtaryp getirmek babatynda bir hukuky güýji ýokdur. Wiza ýüz tutujylar wiza almagyň talaplaryna hemaýatkäriň kepilliklerine esaslanyp däl-de öz şahsy ýagdaýlaryna laýyklykda jogap bermelidirler.

Wizanyň hereket ediş möhleti onuň görnüşine garamazdan uzadylmaýar. Täze wiza üçin arza bermek zerurdyr.

Hawa, DS-160 arzasy diňe elektron görnüşde doldurylýar.  ABŞ-nyň ilçihanasyndaky söhbetdeşlige ýanyňyz bilen DS-160 arzasynyň berlendiginiň tassyklama sahypasynyň çap edilen görnüşini almak hökmanydyr. Ýanyňyz bilen DS-160 dolulygyna çap edilen görnüşini getirmäň.

Käbir ýagdaýlarda arzanyň seredilmeginiň dowamynda administratiw resmileşdirme talap edilýär, bu bolsa konsullyk işgäri bilen geçirilen söhbetdeşlikden soňra belli bir wagt alýar. Köplenç halatlarda administratiw resmileşdirme söhbetdeşlikden soňra 60 günüň dowamynda tamamlanýar.

Wizanyň alynmagyny edil yz ýany ondaky şahsy maglumatlaryňyzyň dogrulygyny barlaň. Wizada haýsydyr bir elementiň siziň pasportuňyzdaky degişli elemente laýyk däl bolsa ýa-da nädogry bolsa, wagt ýitirmän wizany çykaran ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Konsullyk bölümine ýüz tutuň.

ABŞ-na girmek diňe wizanyň hereket ediş möhletiniň soňky gününe çenli, şol güni hem içine almak bilen, mümkindir. Bu sene ýolagçylygyň uzynlygyny çäklendirmeýär. ABŞ-nda bolmaly möhletiňizi giriş portuňyzdaky Içerki Howpsuzlyk Departamenti kesgitleýär. Içerki Howpsuzlyk Departamentiniň siziň üçin kesgitlän ABŞ-nda ýaşamak baradaky şertleri ýerine ýetirmegiňiz halatynda haýsydyr bir kynçylyk ýüze çykmaýar. Eger siziň ABŞ-nyň çäklerinde ýaşan möhletiňiz siziň wiza üçin dolduran DS-160 arzaňyzda görkezilen möhletlerde görnetin artykmaç bolsa, bu siziň gelejekde ABŞ-nyň wizalaryny almak üçin ýüz tutmalaryňyza erbet täsir edip biler.

Ýok. Eger siziň wizaňyzyň hereket ediş möhleti ABŞ-nda ýaşaýan wagtyňyz dolsa hem, ABŞ-nda siziň üçin ABŞ-na girýän mahalyňyz Içerki Howpsuzlyk Departamentiniň siziň üçin kesgitlän möhleti boýunça bolup bilersiňiz. Bu maglumatlar I-94 kartasynda görkezilýär.

Hawa, elbetde. Şeýle-de bolsa siz öz biometrik pasportuňyzy alan badyňyza bu barada söhbetdeşlik gününden öň bize e-poçta arkaly habar beriň. Mundan başga-da söhbetdeşlik gününde siziň öz biometriki pasportuňyz bilen bir hatarda köne pasportuňyzyň göçürmesini hem getirmegiňiz zerurdyr.

Siziň dostuňyz/garyndaşyňyz/işdeşiňiz wiza ýüz tutujy bolup durýar. ABŞ-nyň kanunyna laýyklykda wizalar baradaky maglumat gizlindir. Şonuň üçin ýüz tutujynyň diňe özi ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna wiza arzasynyň ýagdaýy barada gerekli maglumat üçin ýüz tutup biler. Wizalar barada maglumatlaryň gizlinligi sebäpli wiza bilen baglanyşykly ähli soraglary siz ýüz tutuja, ýagny öz dostuňyza/garyndaşyňyza/işdeşiňize soramaly.