1. Bölüm 214(b) nämedir?
Bölüm 214(b) — bu immigrasiýa we raýatlyk barada Kanunyň bir bölegidir. Bu bölüm aşakdaky normany öz içine alýar.
Islendik daşary ýurtly raýat, konsullyk işgäriniň arza seretmeginiň dowamynda ýüz tutujynyň immigrasion däl statusa eýedigine degişli ýeterlik subutnama ýygnaýança, potensial immigrant hasap edilýär.
ABŞ-nyň konsullyk işgärleriniň örän kyn işleri bar. Örän gysga möhletiň dowamynda olar ýüz tutujynyň wagtlaýyn wiza almaklaryna degişli karary kabul etmelidirler. Köplenç halatlarda kararlar gysga söhbetdeşlikden we ýaşalýan ýurt bilen baglanyşygy tassyklaýan resminamalar bilen tanyşmakdan soňra kabul edilýär. Myhman ýa-da okuw wizalaryny almak üçin ýüz tutujy immigrasiýa we raýatlyk Kanunynyň degişlilikde 101(a)(15)(B) we 101(a)(15)(F) bölümlerinde görkezilen şertleri ýerine ýetirmegi zerurdyr. Ýüz tutujy bu şertleri ýerine ýetirmeýän bolsa oňa wiza berilmekden immigrasiýa we raýatlyk barada Kanunyň 214(b) bölüminiň esasynda ret ediler. Köplenç halatlarda bu ret edilmegiň esasy bolup potensial myhmanyň ýa-da talybyň terk etmek islemeýän ýurdunda hemişelik ýaşaýan ýeriniň bolmalydygy baradaky şertiň ýerine ýetirilmezligi bolup durýar. Şeýle ýaşaýyş ýeriniň we öz ýurdy bilen baglarynyň görkezilmegi bilen, belli bir wagtdan soňra ýüz tutujynyň ABŞ-ndan gaýtmaga iterjekdigini tassyklap biler. Kanun şeýle tassyklamanyň agyr ýüküni ýüz tutujynyň üstünde galdyrýar. Ýüz tutujy şeýle-de onuň saparynyň maksadynyň dogry görkezilendigini we onuň ýüz tutýan wiza görnüşine laýykdygyny görkezmelidir.
2. "Ýakyn gatnaşyklaryň" bardygyny nädip subut etmeli?
“Ýakyn gatnaşyklar” düşünjesi ýüz tutujynyň ýurduna, şäherine we şahsyýetine baglylykda üýtgeýär. Gatnaşyklara nusga edip iş ýeriniň, ýaşalýan gozgalmaýan emläginiň, maşgalasynyň we bank hasaplarynyň barlygy nusga getirilip bilner. „Gatnaşyklar“ – bu siziň ýaşaýan ýurduňyza baglaýan dürli durmuş jähtleridir: emläkler, iş bilen üpjünçilik, jemgyýetçilik we maşgala gatnaşyklary.
Şuny göz öňüňize getirmäge çalşyň: sizi öz ýurduňyz bilen hut nämeler baglaýar? Daşary ýurt döwletiniň konsullyk işgäri siziň öz ýaşaýan ýeriňizi taşlamak niýetiňiziň ýokdugyna ynanarmy? Munuň jogaby eger siziň işiňiz, maşgalaňyz, şahsy ýa-da kärendesine alan ýaşaýan ýeriňiz, şeýle-de sizi saparyňyzyň soňunda öz ýurduňyza gaýdyp gelmäge mejbur etjek başga ýagdaýlar bar bolsa kanagatlandyryjy bolar. Her ýüz tutujynyň ýagdaýy aýrybaşgadyr.
ABŞ-nyň konsullyk işgärleri şu tapawutlary öwrenýärler. Söhbetdeşlikde olar her ýagdaýy aýrybaşga ele alýarlar we professional, sosial, medeni we beýleki faktorlary öwrenýärler. Ýüz tutujy ýaş we öň ýurdy bilen esasly gatnaşyklar guramaga mümkinçiligi bolmadyk bolsa, konsullyk işgäri ýüz tutujynyň maksatlaryna we maşgala ýagdaýyna, şeýle-de onuň hemişelik ýaşaýan ýurdundaky uzak möhletleýin meýilnamalaryna we perspektiwalaryna üns berip biler. Her ýagdaýa aýrybaşga we kanuna laýyklykda her taraplaýyn seredilýär.
3. Bölüm 214(b) esasly ret ediliş hemişelikmi?
Ýok. Konsullyk işgäri wiza üçin indiki ýüz tutuş wagtynda ABŞ-nyň çäginiň daşy bilen gatnaşyklaryň goşmaça subutnamalary üpjün edilen halatynda siziň işiňize sereder. Gynansak-da käbir halatlarda ýüz tutujynyň şahsy, professional ýa-da maliýe ýagdaýlarynyň ep-esli derejede üýtgemegine çenli onuň ýüz tutuşlarynyň sanyna garamazdan ol immigrasion däl wizanyň berliş şertlerini kanagatlandyrmaýar.
Bölüm 214(b) esasly ret edilişden soňra öz ýagdaýyňyzy üns bilen gözden geçirmegiňiz we öz ýurduňyz bilen gatnaşyklaryňyza realistiki baha bermegiňiz gerekdir. Şeýle analizi geçirmek bilen siziň pikiriňizçe sizi öz ýaşaýan ýurduňyz bilen baglaýan emma konsullyk işgäri bilen geçirilen söhbetdeşlikde hasaba alynmadyk faktorlary kesgitläp bolar. Şeýle-de ret edişden soňra konsullyk işgärine hödürlenen resminamalary gaýtadan analiz etmek peýdaly bolup durýar. Bölüm 214(b) esasly ret edilen ýüz tutujylaryň islendik wagt gaýtadan arza bermäge hukugy bardyr. Munuň bilen bilelikde olar ýaşaýan ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň goşmaça subutnamalaryny görkezmäge ýa-da özleriniň ýagdaýlarynyň soňky söhbetdeşlikden soňra nädip üýtgänini görkezmäge taýýar bolmalydyrlar. Gaýtadan arza bermezden ozal şu soraglara jogap bermek peýdalydyr. 1) Men öz ýagdaýymy söhbetdeşlikde dogry düşündirdimmi? 2) Konsullyk işgäri haýsydyr bir zady sypdyrdymy? 3) Meniň ýurdum bilen ýakyn gatnaşyklarymy subut edýän goşmaça maglumatlar barmy?
Bu ýerde her täze arza berlen wagty wiza üçin (DS-160) elektron arzanyň täzeden doldurylmagyny, şeýle-de wizanyň berlendigine ýa-da berilmedigine garamazdan yzyna tabşyrylmaýan konsullyk ýygymynyň tölenmegini göz öňünde tutmak zerurdyr.
4. Meniň söhbetdeşligim näme üçin beýle gysga boldy? Meniň pikirimçe konsul meniň işime garamak üçin ýeterlik wagt aýyrmady.
Her bir ýüz tutujynyň işi hususy bolany üçin söhbetdeşligiň wagty örän tapawut edip bilýär. Söhbetdeşligi geçirýän konsul Türkmenistan bilen tutanýerli gatnaşyklary çaltlyk bilen orta çykarmak üçin ýörite kesgitlenen soraglar soraýar. Konsullar ABŞ-nyň immigrasion kanunlary bilimine eýedirler we ýerli şertler barada düşünjelidirler, şeýle-de wiza almak üçin berlen arza çaltlyk bilen baha bermek üçin zerur bolan tejribä eýedirler.
5. Söhbetdeşlik wagtynda Konsul meniň getiren resminamalaryma seretmedi. Näme üçin?
Wiza bermek karary diňe söhbetdeşlik esasynda kesgitlenilýär. Öz ýurdyňa bolan baglanşyklar barada söhbetdeşlige getirilen resminamalaryň käbir halatda kömegi degip biler. Her wiza arzaçynyň öz şahsy ýagdaýyna seredilşine görä, resminamalary Konsul talap edip hem talap etmänem biler.
6. Meniň arzam bölüm 214 (b) esasly ret edildi. Men bu karary arza-şikaýat ýoly bilen şikaýat edip bilerinmi?
Söhbetdeşligiň geçirilen güni size wiza almak üçin öz laýyklygyňyzy görkezip bilmändigiňiziň sebäpleriniň hat üsti bilen düşündirişi berlendir. Siziň arzaňyzyň bölüm 214 (b) esasly ret edilendigi sebäpli, ol arza-şikaýata degişli däldir. Siz işiňiziň şertleriniň üýtgändigini hasaba almak bilen, wiza üçin islendik wagt täzeden ýüz tutup bilersiňiz. Gaýtadan ýüz tutmalardan öň 6 aý garaşmak maslahat berilýär.
7. Men meni çagyrýan kişiniň ABŞ-nda kanuny däl ýagdaýda galandygy sebäpli wiza almagyň talaplaryna jogap bermeýärinmi?
Maşgala immigrasiýasy ymtylyşynyň wiza ýüz tutuşlarynyň konsuly tarapyndan garalýan ençeme faktorlardan biri bolmagyna garamazdan, siziň işiňiz siziň Birleşen Ştatlarda ýanyna barmagy meýilleşdirýän kişiňiziň däl-de siziň şahsy ýagdaýyňyza esaslanyp seredildi.
8. Meniň tomusky «Işläp gezelenç et» programmasy boýunça wiza almagym ret edildi. Men bu möwsümde täzeden wiza üçin ýüz tutup bilerinmi?
Eger sizi iňlis dili bilimiňiziň pesligi sebäpli ret eden bolsalar (214b), onda siziň iňlis dili bilimiňiz şeýle gysga möhletde programma üçin zerur bolan derejesine çykandygy gümanadyr. Okamaga dowam ediň we wiza üçin indiki ýyl arza bermäge synanyşyň.
9. Meniň wiza almagym ret edildi. Men öz pulumy yzyna alyp bilerinmi?
Administratiw konsul ýygymy yzyna gaýtarylmaga degişli däldir. Bu ýygym size wiza berlendigine ýa-da berilmedigine garamazdan wiza arzasynyň seredilmegi üçin tutulýar.