Wiza söhbetdeşligine gyssagly ýazylyş tertibi

Wiza söhbetdeşligine gyssagly ýazylyş tertibi

  • Umumy maglumat
  • Gyssagly diýip hasap edilýän ýagdaýlar barada
  • Gyssagly wiza söhbetdeşligine ýazylmagyň tertibi

Umumy maglumat

Garaşylmadyk ABŞ-a gitmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, gyssagly wiza söhbetdeşligine ýazylmagy haýyş edip bilersiňiz. Gyssagly ýazgy goşmaça ýer bolan ýagdaýynda elýeter bolýandyr.  Aşakdaky sanalan ýagdaýlar, Ilçihana tarapyndan gyssagly hasaplanylýandyr we haýyş etmezden öň ýagdaýyňyzyň dogrydanam gyssaglydygyny subut etmelidir.

Gyssagly wiza söhbetdeşligine ýazylmagyň düzgüni

Gyssagly wiza söhbetdeşligine ýazgy haýyş etmezden öň, ýadaýňyzyň zerurlygy barada resminamalaryňyzy görkezmelidir. Söhbetdeşlik wagtynda gyssagly sebäbiňiziň ýokdygy ýüze çykan ýagdaýynda, bu barada siziň anketaňyzda bellik ediler, we Siz tarapdan berilen nädogry maglumat geljekde serediljek wiza anketaňyza ters täsir edip biljekdigini habar berýäris.

Üns beriň!  ABŞ-da boljak toý, okuwçynyň gutardyş çäreleri, ya-da syýahat üçin gysga wagtyň içinde gerekli bolan wiza söhbetdeşlik wagty, gyssagly hem zerur hasap edilmeýar, we şol sebäpler esasynda wiza öňünden ýüz tutmagy meýilleşdirmelidir.

ABŞ-daky gyssagly lukmançylyk bejergi

Gyssagly wiza söhbetdeşligiň sebäbi ABŞ-da almaly möhüm we gyssagly lukmançylyk bejergi bolan ýagdaýynda, ýa-da bejergi almaly adamyň ýany bilen gitmek zerurlygy, ýa-da  ABŞ-daky  ýakyn garyndaşlaryňyz agyr we jana howply ýagdaýy bolan sebäpleri esasynda ýüz tutulanda, ABŞ-dan aşakdaky sanalan resminamalary getirmeli:

  • Ýerli lukmançylyk edarasyndan wiza ýüz tutýan adamyň keseli barada, we ABŞ-da alyp biljek we maslahat berilýän bejergi barada giňişleýin maglumat.
  • ABŞ-daky lukmandan, ýa-da hassahanadan näsagy kabul ediljegi barada, alynjak bejergi barada, we bejerginiň ortaça çykdaýjylarynyň möçberi görkezilen resminama.
  • Näsagyň ýeterlik derejede pul serişdeleriniň bardygy barada resminama.

ABŞ-da garyndaşy ýogalan we jesedini getirmäge gidilýän ýagdaýlar barada

ABŞ-daky ýogalan ýakyn garyndaşynyň jaýlanyş çäresine gatnaşmak ýa-da ABŞ-dan ýakyn garyndaşynyň (ejesi, kakasy, dogany, uýasy, ogly, gyzy, enesi, atasy, agtygy) jesedini Türkmenistana getirmek maksady bilen ýüz tutulan wagty, aşakdaky resminamalar talap ediler:

  • ABŞ-daky jesedi saklaýan degişli lukmançylyk edaralaryndan adamyň ölümi barada we jaýlanyljak senesi barada beýannama. Bu beýannamany berýän edaranyň habarlaşmak üçin maglumaty (telefon belgisi we elektron poçta adresi) görkezilmelidir.
  • ABŞ-daky ýogalan adam bilen garyndaşlygyňyzy subut edýän resminamalar.

Gyssagly iş sapary

Syýahatyň maksady, öňünden görüp bolmajak iş bilen baglanyşykly, we gyssagly işleri ýerine ýetirmek bolan ýagdaýynda, aşakdaky resminamalar talap edilýär:

  • ABŞ-daky çagyrýan kompaniýasyndan iş saparyň gyssaglydygyny doly beýan edýän we gyssagly söhbetdeşlik bellenilmese ABŞ ýa-da Türkmen kompaniýasynyň zyýan görjekdigini görkezýän çakylyk haty;

Ýa-da

  • ABŞ-da zerur hünär okuw maksatnamasynyň subutnamasy;
  • Gyssagly söhbetdeşlige ýazgy soraýjynyň ABŞ-a gitmeginiň zerurlygy barada ilkinji gezek özüne haçan mälim bolandygy, we wagtynda söhbetdeşlige ýazylmazlygyň sebäbini doly beýän edýän düşündiriş haýyşnamasy.

Talyplar we alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşyjylar

ABŞ-a gitmegiň maksady okuw bolan ýagdaýynda, we okuw meýilnamasy indiki 60 günüň içinde başlaýan ýagdaýynda, we şol wagtyň içinde elektron sistemada adaty wiza söhbetdeşligine ýazylmaga wagt elýeter bolmadyk ýagdaýynda, ýüz tutup bilersiňiz. Okuwçy wizasy üçin gyssagly ýazgy, diňe öň wizasy red edilmediklere degişlidir.   

Talap edilýan resminamalar:

  • ABŞ-daky okuw jaýy tarapyndan berilýän I-20 görnüşli çakylyk resminamasy.
  • SEVIS tölegi tassyknamasy

“ESTA” resminamasy red edilen ýagdaýy

Üns beriň! “ESTA” resminama diňe ABŞ bilen wizasyz aragatnaşyk şertnamaly ýurtlaryň raýatlaryna degişlidir. Türkmenistan agzalan sanawa girmeýär.

Arza beriş tertibi

  • “ESTA” sistemanyň berýän red edilendigi barada beýannama

Gyssagly wiza söhbetdeşligine ýazylmagyň tertibi

Gyssagly wiza söhbetdeşligine ýazylma haýyşyny, we ýokarda sanalan ýagdaýlar esasynda resminamalary skanerden geçirilen we elektron poçta arkaly ConsularAshgab@state.gov elektron salgysyna iberip bilersiňiz.