Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin FLEX maksatnamasynyň 2018-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2018-2019-njy okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän FLEX maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. FLEX maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň 6-sy Türkmenistanyň raýatydyr.
FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi aşakdaky talaplara gabat gelýän ähli ýokary synp okuwçylary üçin açykdyr:
- 2000-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2002-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler; ýöne 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
- häzirki wagtda mekdepde okaýan;
- mekdepdäki ýetişigi gowy bolan, Iňlis dilinde gowy gürleşmek we ýazmak ukyplaryna eýe bolan;
- soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp bolmadyk;
- ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
- Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar we daşary ýurt pasportyny almak üçin talaplara laýyk bolan okuwçylar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hőkmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, 3×4 ölçegli bir fotosurat, ruçka getirmelidirler we synaglara mekdep lybasynda gelmelidirler.
Bäsleşik merkezlerine gelen ähli okuwçylar, özlerini talaba laýyk, ýagny tertipli we sylaşykly alyp barmalydyrlar, okuwçy görkezilen düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýynda, FLEX maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.
Synag merkezlerinde öýjükli telefonlary ýa-da beýleki elektronik enjamlaryny ((iPADs, iPODs,we ş.m.) ulanmak gadagandyr. Okuwçy ýokarda görkezilen enjamlary ýany bilen getiren ýagdaýynda, FLEX maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.
Amerikan Geňeşlikleri okuwçynyň bäsleşik geçirilýän ýere gelmegi üçin ýol harajatlaryny tölemeýär. Okuwçy we onuň hossarlary bäsleşigiň ähli tapgyryna hem gatnaşmak üçin ýol harajatlaryny özbaşdak tölemelidirler. AMERIKAN GEŇEŞLIKLERI OKUWÇYLARYŇ WE OLARYŇ HOSSARLARYNYŇ BÄSLEŞIGE GATNAŞMAGY ÜÇIN EDEN ÝOL HARAJATLARYNY TÖLEMÄGE ÝA-DA ÖWEZINI DOLDURMAGA JOGAPKÄR DÄLDIR.
Synagyň geçiriljek wagty
Okuwçylar diňe özleriniň ýaşaýan welaýatyna görä bellenen günde, sagatda we ýerde bäsleşige gatnaşyp bilerler – BAŞGA ÝAGDAÝLAR KABUL EDILENOK.
Welaýatlar | Güni | Wagty | Mekdep | Salgysy |
---|---|---|---|---|
Mary, Mary welaýaty Daşoguz, Daşoguz welaýaty Balkanabat, Balkan welaýaty* |
14-nji ýanwar | 10:00 | 20-nji mekdep, Aşgabat | Aşgabat şäherinde, Bäşimow köçesi, 20 |
Türkmenabat, Lebap welaýaty Türkmenbaşy, Balkan welaýaty Ahal welaýaty* |
21-nji ýanwar | 10:00 | 20-nji mekdep, Aşgabat | Aşgabat şäherinde, Bäşimow köçesi, 20 |
Aşgabat* | 28-njy ýanwar | 09:00 | 20-nji mekdep, Aşgabat | Aşgabat şäherinde, Bäşimow köçesi, 20 |
*Okuwçylar FLEX maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşyp bilýärler. Ýylda bir gezekden köp gatnaşanlar bäsleşikden çykarylýar. Okuwçylar diňe ýaşaýan ýerine görä bellenilen güni bäsleşige gatnaşyp bilýärler.
Doly maglumat almak üçin Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutup bilersiňiz: (+99312) 369016; (+99362) 015187