Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ýokary synp mekdep okuwçylary üçin “FLEX” maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän bäsleşigiň başlanandygy barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2017-2018-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikan mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Maksatnama dolulygyna ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Açyk bäsleşige gatnaşmaga 1999-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2001-njy ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan, iňlis dilini gowy bilýän Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hőkmany suratda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny, 3×4 ölçegli bir fotosuratyny, ruçkasyny getirmelidirler we synaglara mekdep lybasynda gelmelidirler.
Fiziki taýdan çäklendirilen mümkinçiligi bolan çagalar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.
Synagyň geçiriljek wagty
Synagyň geçiriljek ýeri | Senesi | Wagty | Mekdep |
---|---|---|---|
Türkmenbaşy we Balkan welaýaty | 11-nji sentýabr | 9:00 | 10-njy mekdep, Türkmenbaşy şäherinde |
Balkanabat we Balkan welaýaty | 18-nji sentýabr | 9:00 | 3-nji mekdep, Balkanabat şäherinde |
Mary we Mary welaýaty | 25-nji sentýabr | 9:00 | 19-njy mekdep, Mary şäherinde |
Daşoguz we Daşoguz welaýaty | 2-nji oktýabr | 9:00 | 2-nji mekdep, Dashoguz şäherinde |
Türkmenabat we Lebap welaýaty | 9-njy oktýabr | 9:00 | 2-nji mekdep, Türkmenabat şäheri |
Ahal welaýaty | 16-njy oktýabr | 9:00 | 3-nji mekdep, Tejen şäherinde |
Aşgabat şäheri | 6-njy noýabr | 9:00 | 20-nji mekdep, Aşgabat şäheri |
Ahal welaýatynyň okuwçylary özlerine has amatly bolan ýerde, Tejendäki ýa-da Aşgabatdaky geçiriljek bäsleşige gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň geçirilişi hakynda goşmaça maglumaty Aşgabatdaky Amerikan Geňeşliginiň ofisinden aşakdaky telefonlar arkaly alyp bilersiňiz: (+99312) 971016/21; (+99369) 019095.
http://americancouncilstm.org
http://www.vk.com/americancouncilstm