Ýaşlar tebigaty goramak we Saglyk günine bagyşlanan çärelere gatnaşýarlar

USAID-yň “Saglyk üçin bilelikde” taslamasy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý  milli jemgyýeti bilen bilelikde Aşgabatdan takmynan elli kilometr uzakda bolan sebitde tebigaty goramak we sagdyn durmuş endiklerini öňe sürmek çäresini geçirdi. Ýigrimi sekiz sany gatnaşyjy öz aralarynda hapa ýygnamakda ýaryşdylar. Hapa ýygnamak çäresinden soň, ýaşlar, açyk howada interaktiw okuw sapagyna gatnaşyp, oýunlar, pikir alyşmak maşklary we kiçi toparlarda maslahatlaşmak arkaly sagdyn durmuş endikleriň wajyplygyny, sagdyn iýmitlenmek, fiziki  işjeňlik, we howpuzluk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.